Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

USAID türkmen hünärmenlerine tälim berýär


Birleşen Ştatlaryň Halkara ösüş boýunça agentligi (USAID) Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde türkmen hünärmenlerini halkara syýahatçylygyny planlaşdyrmakdaky we ösdürmekdäki iň gowy tejribeler bilen tanyşdyrmak maksady bilen tälim beriji kurslary geçirýärler. Bu barada Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Maglumatda çäräniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň we ÝUSAID-iň direktory Hanym Brandi Witthoftyň gatnaşmagynda açyljakdygy mälim edilýär.

Şeýle-de, Birleşen Ştatlardan gelen üç hünärmeniň türkmen hökümet edaralarynyň işgärleri bilen meýilleşdirmek, ykdysady syýahatçylyk, syýahatçylyk we medeni miras, hem-de marketing we jemgyýetçilik ugurlary ýaly temalary ara alyp maslahatlaşjakdygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG