Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden Ukrainada Orsýeti tankyt etdi


Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (ç) we ABŞ-nyň wise-prezidenti J.Baýden (s), Kiýew, 21-nji noýabr, 2014.
Ukrainanyň prezidenti P.Poroşenko (ç) we ABŞ-nyň wise-prezidenti J.Baýden (s), Kiýew, 21-nji noýabr, 2014.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden) Ukrainada parahatçylykly protestleriň başlanmagynyň senesiniň bellenýän güni, 21-nji noýabrda, Kiýewde Ukrainanyň liderleri bilen duşuşdy.

Baýdeniň prezident Petro Poroşenko we premýer-ministr Arseniý Ýatsenýuk bilen özara duşuşygynda Ukrainada ABŞ-nyň söweş häsiýetli bolmadyk harby ýardamy ýaýbaňlandyrmak planlary barada habar berjekdigi aýan edildi.

Baýdeniň 20-nji noýabrda agşam Kiýewe barmagynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň resmileri Ukraina “Humvee” transport serişdeleriniň berilmeginiň planlaşdyrýandygyny žurnalistlere aýtdylar.

Amerikan häkimiýetleri Baýdeniň, Ukraina öň wada berlen, duşmanyň raketalarynyň ugruny anyklaýjy radar sistemalarynyň berilmegini hem yglan etjekdigini habar berdiler.

Harby kömek

Sentýabr aýynda Waşington Ukraina 53 million dollarlyk harby kömegi wada berdi. Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleri we serhetçileri üçin niýetlenen bu kömegiň düzümine anyklaýjy enjamlar, harbylaryň bedenini okdan goraýan serişdeler, kiçi gaýyklar we adam öldürmek bilen bagly bolmadyk käbir beýleki zerur serişdeler girýär.

Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere öz harby ýardamyny berýändigini inkär edýän Orsýet ABŞ-nyň Ukrainanyň güýçlerine ýarag bermeli däldigini duýdurdy we munuň agzalýan regionda “durnuksyzlyk faktory” bolup biljekdigini aýtdy.

Milli baýramçylyk

Baýdeniň sapary Ukrainanyň bir ýyl mundan ozal Ýewromaýdan protestleriniň başlanan gününiň ýyl dönüminde täze döwlet baýramçylygyny belleýän wagtyna gabat geldi.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň 13-nji noýabrda gol çeken kararyna görä, “Mertebe we azatlyk güni” atly ýyllyk baýramçylygyň düýbi tutuldy.

Onlarça adam Kiýewiň merkezindäki meýdanda jemlendi. 2013-nji ýylyň 21-nji noýabrynda başlanan protestleriň dowamynda wepat bolan 100-den gowrak adamyň hatyrasyna gül goýuldy.

Prezident Petro Poroşenko gül goýanda ýurduň häzirki ýolbaşçylarynyň protestçileriň wepat bolmagyna sebäpkär öňki häkimiýetleri jogapkärçilige çekmekdäki şowsuzlygyndan göwni galan käbir adamlar “Masgaraçylyk” “Poroşenko seniň üçin kim gahryman?” “Olaryň zulumkeşleri nirede?” diýen mazmunly şygarlary öňe sürdüler.

Bu ýerde Poroşenko bilen Baýdeniň duşuşygy boldy.

Senäniň ähmiýeti

Kiýewiň ýaşaýjysy Wira Solowýewa Ýewromaýdanyň ukrainleri jebisleşdiren waka bolandygyny aýtdy: “Bu ukrainleriň düşünjesini, milletiň bütewüligini oýardy we men munuň milletiň gaýtadan dogulmagyna ýardam edendigine ynanýaryn. Emma biz arkaýynlaşyp bilmeýäris. Öňümizde ýene köp iş bar”.

Ýewromaýdan protestleri 21-nji noýabrda prezident Wiktor Ýanukowiçiň Orsýet bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin Ýewropa Bileleşigi bilen wajyp ylalaşygy baglaşmakdan boýun gaçyrmagyndan gahar-gazaba münen birnäçe ýüz adamyň gatnaşmagynda başlanypdy.

Gysga wagtyň dowamynda protestlere onlarça müň adam goşulyp, protestleriň we polisiýanyň arasyndaky çaknyşyklarda 100-den gorak adam heläk bolansoň, şu ýylyň fewral aýynda prezident Wiktor Ýanukowiç häkimiýet başyndan çekilmäge mejbur bolupdy.

XS
SM
MD
LG