Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biden energiýa howpsuzlygyna çagyrýar


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden
ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden Ýewropa energiýa üpjünçiligini diwersifikasiýalaşdyrmagyny dowam etdirip, Russiýa bolan garaşlylygyny kemeltmelidigini aýtdy.

Biden bu barada 22-nji noýabrda Stambulda geçirilen Atlantik Geňeşiniň energiýa howpsuzlygy sammitiniň dowamynda çykyş etdi. Ol Russiýa öz gazyny we nebitini geosyýasy gural hökmünde ulandyrmaly däldigini hem belledi.

“Şu wagt, edil häzirki pursat hereket edip başlamaly” diýip, Biden belledi. “Ukrainadaky bolýan zatlar munuň diňe nähili möhüm bir meseledigini äşgär edýär”.

Ýakynda Russiýa, Ukraina we Ýewropa Bileleşigi Ukraina we Ýewropa gazy kepillendirýän $4.6 milliardlyk ylalaşygy baglaşypdylar.

Moskwa Kiýewiň gaz bergisi sebäpli şu ýylyň iýun aýynda Ukraina akdyrýan gazyny togtadypdy. Bu Moskwany goldap çykyş eden ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetden aýrylmagy we mart aýynda Russiýanyň Krym ýarymadasyny basyp almagynyň yzýanyna gabat geldi.

Howatyrlanmalar

Golaýda gelnen ylalaşyk 2009-njy ýylyň gyşynda bolan wakalaryň gaýtalanjakdygy baradaky howatyrlanmalary gowşatdy. Şol wagt Ukraina bilen bolan gaz dawalary sebäpli Moskwa iki hepde töweregi Ýewropa akdyrýan gazyny kesipdi.

Biden Russiýanyň energiýa serişdeleriniň esasy çeşmesi bolup galjakdygyna şek-şübhesiniň ýokdugyny aýdyp, munuň basyş üçin bir serişde hökmünde ulanylmaly däldigini hem belledi.

“Bu energiýa howpsuzlygy. Muny gazanmak üçin Ýewropa diwersifikasiýa ugrunda tagalla etmeli” diýip, Biden nygtady. Russiýanyň hem bu oýunda orny bolup biler, bolaram. Ýöne Russiýa kadalar boýunça oýnamaly”.

"YD"

Biden türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen Siriýadaky we Yrakdaky meseleleri maslahat etmek üçin Türkiýä sapar edýär.

Saparyň çäklerinde Türkiýäni “Yslam döwleti” diýilýän topara garşy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara koalisiýanyň alyp barýan göreşine has köp goşant goşmagyny gazanmak göz öňünde tutulýar.

Ankara bu göreşe harby taýdan gatnaşmajakdygyny belli edenden soň, ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda dartgynlylyk döredi.

XS
SM
MD
LG