Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň senatlary özbek prezidentine çagyryş etdi


Birleşen Ştatlaryň birnäçe senaty özbek prezidenti Yslam Karimowa tussaglykda saklanmaklary “syýasy maksatly ýaly bolup görünýän” bäş tussagyň azatlyga goýberilmegi üçin çagyryş etdi.

24-nji noýabrda Karimowa ugradylan hatda Demokratik partiýanyň senatlary Dik Durbin (Dick Durbin), Barbara Bokser (Barbara Boxer), Bob Keýseý (Bob Casey0, Robert Menendez (Robert Menendez), Patrik Lehi (Patrick Leahy), Riçard Blimental (Richard Blumenthal) we Benýamin Kardin (Benjamin Cardin), şeýle-de Respublikan partiýanyň senaty Mark Kirk Owganystan bilen ilteşikli meselelerde özbek-amerikan hyzmatdaşlyklaryna gowy baha berýändiklerini mälim etdiler.

Şol bir wagtyň özünde olar adam hukuklaryny gorap çykyş edýänlerden we žurnalistlerden ybarat bäş özbegiň tussaglykda saklanylmagynyň “iki ýurduň arasynda mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlyklara böwet” bolup biljekdigini nygtadylar.

Şeýle-de, amerikan senatlary Akzam Turgunowyň, Dilmurad Saidowyň, Salijon Abdurahmanowyň, Muhammad Bekjanowyň we Bobomurod Razzokowyň halkara guramalary tarapyndan “wyždan ýesirleri diýip häsiýetlendirilendigini” bellediler.

XS
SM
MD
LG