Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rim papasy Türkiýä sapar edýär


Rim papasy Fransis.
Rim papasy Fransis.

Rim papasy Fransis üç günlük resmi sapar bilen Türkiýä bardy.

28-nji noýabrda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Fransis türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan we ýurduň iň ýokary derejeli ruhanysy Mehmet Görmez bilen duşuşýar.

Resmiler Fransis bilen türk resmileriniň arasynda geçiriljek gepleşiklerde dini çydamlylyk we ekstremizme garşy göreş ýaly meseleler barada maslahat ediljekdigini mälim etdiler.

Fransisiň Türkiýä edýän bu sapary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Yragyň we Siriýanyň käbir territoriýalarynyň kontrollugyny öz gözegçiligine geçiren mahaly amala aşyrylýar.

XS
SM
MD
LG