Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Papanyň Türkiýä sapary tamamlanýar


Rim papasy Fransis, Stambul, 30-njy noýabr, 2014

Dünýäde 1.2 milliard katolik hristianyň lideri Rim papasy Fransis dinara gatnaşyklary pugtalandyrmak maksatly Türkiýä geçiren üç günlük saparyny 30-njy noýabrda tamamlaýar.

Stambulda papa Fransis dünýäniň 300 million prawoslaw hristianyň lideri patriarh Bartolomew I bilen ýene duşuşdy.

Iki hristian lideriň hristian kilisesindäki 1 000 ýyllyk bölünişigiň soňuna çykmak boýunça bilelkdäki deklarasiýa gol çekmeklerine garaşylýar.

28-nji noýabrda Ankara saparynyň dowamynda papa Fransis dinleriň we konfessiýalaryň arasynda dialoga çagyryş etdi we munuň fundamentalizmiň hem terrorçýlygyň soňuna çykmaga ýardam berip biljekdigini aýtdy.

75 million musulman ilatly Türkiýäniň 80 000 çemesi agzaly hristian jemgyýeti bar.

XS
SM
MD
LG