Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Honk Kong: portestçiler we polisiýa çaknyşdy


Honk Kongda demokratik protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.
Honk Kongda demokratik protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.

Honk Kongda demokratik protestçiler hökümet binasynyň daşyny gabajak bolanlarynda, polisiýa bilen çaknyşyk ýüze çykdy.

Dokuz hepdeden bäri demonstrantlar demokratik reformalary talap edip, çadyrlarda protest geçirýärler.

Protestçiler hökümet binasyna barýan esasy ýoly petiklemek isländiklerini aýtdylar.

Çaknyşygyň netijesinde 40 adam tussag edildi, ençeme ofiser hem ýaralandy.

Protestçiler 2017-nji ýylda geçiriljek ýerli saýlawlara öz dalaşgärlerini hödürlemek isleýärler. Pekin muňa garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG