Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Koalisiýa üstünlik gazanar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerry (John Kerry) “Yslam döwleti” atly ýaragly topara garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň “birleşendigini we ähli frontlar boýunça öňe gidýändigini” aýtdy. Şeýle-de Kerri “üstünlik gazanylýança bu kampaniýanyň dowam etjekdigini” hem belledi.

Kerri bu barada 3-nji dekabrda halkara koalisiýanyň düzümine girýän 60-dan gowrak döwletiň wekilleriniň Brýusselde geçiren duşuşygynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

NATO-nyň baş edarasynda geçýän gepleşikleriň dowamynda gazanylan üstünlikler we “YD” garşy göreşmegiň täze strategiýalary maslahat ediler.

Kerri öz çykyşynda söweşijilere garşy göreşde “amal etmeli agyr işleriň bardygyny” ykrar edýändigini aýdyp, “görülýän çäreleriň ýyllara çekmeginiň mümkindigini” hem belledi.

Gürrüňi gidýän “Yslam döwleti” diýilýän ýaragly topar häzir Yragyň we Siriýanyň territoriýalarynyň ep-esli bölegini öz kontrollygynda saklaýar.

Kerri “Yslam döwleti” diýilýän toparyň “adamlaryň ruhy gymmatlyklaryndan hem peýdalanamak isländigini”, emma dünýädäki musulman liderleriniň olara garşy çykandygyny-da nygtady.

Beýleki çäreler

Kerri Brýusselde geçirilýän gepleşikleriň “YD” garşy göreşde diňe harby çäreler bilen çäklenmejekdigini hem duýdurdy.

Ol “YD” toparyna goşulmak üçin Yraga we Siriýa barýan daşary ýurtly söweşijileirň öňüni almak ýaly meselelere hem garaljakdygyny aýtdy.

Kerri “YD” toparynyň maliýeleşdirilmegini duruzmak, şeýle-de onuň propagandasynyň öňüni aljak ýörite çäreleriň hem maslahat ediljekdigini aýtdy.

ABŞ Yrakdaky “YD” toparynyň söweşijilerine garşy ilkinij howa hüjümini awgust aýynda amala aşyrypdy.

Koalisiýa

Sentýabryň aýaklaryna “YD” garşy howa zarbalary Siriýada hem amala aşyrylyp, bu kampaniýa başga-da koalisiýa agzalary goşuldylar.

Siriýada alnyp barylýan howa zarbalaryna Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Iordaniýa we Bahreýn hem gatnaşýar.

Yrakdaky howa hüjümlerine Awstraliýa, Belgiýa, Britaniýa, Kanada, Daniýa, Fransiýa we Niderlandlar gatnaşýarlar.

2-nji dekabrda Pentagon Eýranyň hem soňky günlerde Yrakdaky “YD” toparynyň söweşijilerine garşy howa hüjümlerini amala aşyrandygyny görkezýän alamatlaryň bardygyny aýtdy.

Eýranyň resmileri bu habary ret etdiler.

Eýran “YD” garşy göreşýän ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky Koalisiýanyň düzümine girmeýär. Tähran 3-nji dekabrda Koalisiýanyň Brýuselde geçirýän ýygnagyna hem öz wekili ýollamady.

XS
SM
MD
LG