Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 49-njy hepde

1
Aşgabadyň 10-njy kiçi etrapçasynyň çägindäki Niýazow proýezdinde ýarylan suw turbalary bejerilýär. Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda şuňa meňzeş ýarylýan suw turbalarynyň wagtynda berjerilmän, gijikdirilen halatlarynyň hem seýrek däldigi aýdylýar.

2
Aşgabatda käbir ýaşajýylaryň köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň balkonlarynda öz öý-goşlaryny saklaýandygy aýdylýar. Şol bir wagtyň özünde paýtagt Aşgabadyň käbir protokol köçeleriniň ugrundaky jaýlaryň balkonlarynda öý-goşlary saklamakygyň gadagandygy hem bellenilýär. Suratda Aşgabadyň 30-njy mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlaryň biri.

3
Aşgabatda sübse satyp gün-güzeranyny görýän adam, şäheriň jemgyýetçilik awtobusynda bazara sübse alyp barýar. Sübse satýan adamlaryň eklenç aladasy bilen çetki etraplardan ýa-da welaýatlardan paýtagt Aşgabada barýandygy aýdylýar.

4
Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ilkinji gar ýagdy. Şol bir wagtyň özünde sowuk howa şertleri sebäpli, 5-nji dekabrda tutuş etrabyň çäginde alty sagatlap elektrik togunyň kesilendigi habar berilýär. Bu ýagdaý döwlet edaralarynda birnäçe sagatlap işleriň soňa goýulmagyna sebäp boldy.