Taýfun Hagupit Fillipin adalarynyň gündogar we merkezi böleklerine zarba urdy. Gündogar Samar welaýatynda onuň güýji her sagatda 175 kilometre ýetdi.
Takloban şäherinde tebigy betbagtçylyk zerarly käbir binalaryň weýran bolandygy habar berildi.
Häkimiýetleriň sözlerine görä, 30 welaýatda 700000-den gowrak adam öz jaýlaryny terk edip, ybadathanalarda, mekdeplerde we jemgyýetçilik binalarda pena gözleýär.
Tupanyň bolan ýerlerinde aragatnaşyk kesildi.
2013-nji ýylda Fillipin adalarynyň merkezi bölegine bolan Haiyan tupany 7300-den gowrak adamyň heläk ýa-da ýitirim bolmagyna we dört milliondan gowrak adamyň öýlerini terk etmegine sebäp bolupdy.