Nebitiň nyrhy soňky bäş ýylda iň pes derejä düşdi.
9-njy dekabrda çyg nebitiň Brent markasynyň bir barreliniň bahasy 65.33 amerikan dollaryna ýetip, minimal derejede pese gaçdy.
Nebitiň bahasy sähel wagtdan soň biraz durnuklandy emma günüň bu minimumy 2009-njy ýyldan bäri iň pes dereje boldy.
Nebitiň bahasynyň peselmegi nebit-gaz eksportyna bil baglaýan we ABŞ-nyň hem Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryndan zyýan çekýän Orsýete zarba urýar.
Orsýetiň Ykdysadyýet ministrligi täze ýylda ýurduň umumy içerki önümçiliginiň 0.8% çenli peselmeginiň mümkindigini aýtdy we nebitiň ortaça bahasynyň garaşylýan derejesini 100 dollardan 80 dollara çenli peseltdi.