Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistan: Şübheli söweşijileriň jaýlary otlandy


Russiýanyň Çeçenistan regionynyň ýaşaýjylary ýolbaşçylaryň Kreml tarapyndan goldanylýan çeçen lideriniň tabşyrygyny berjaý edýändigini aýdyp, olaryň ýurtda amala aşyrylýan hüjümlere jogapkär diýlip aýdylýan söweşijileriň dogan-garyndaşlarynyň öýlerini ýumurýandygyny habar berýärler.

Çeçenistanyň Ýandi obasynyň ýaşaýjylary 8-nji dekabrda öz ýaşaýan sebitlerine ýüzi örtgüli onlarça adamyň gelendigini we birnäçe ýaşaýyş jaýyny otlandygyny aýdýarlar.

6-njy dekabrda çeçen paýtagty Groznyda 14 polisiýa ofiseriniň ölümine sebäp bolan ýowuz hüjümden soň, Kadyrow hüjüme gatnaşan söweşijileriň dogan-garyndaşlarynyň Çeçenistandan çykaryljakdygyny we olaryň ýaşaýyş jaýlarynyň “ýerzemin bilen des-deň edilip, ýumruljakdygyny” belläpdi.

Ýaşaýjylar Groznydaky hüjüme gatnaşdy diýlip ynanylýan söweşijileriň maşgalalaryna degişli ýaşaýyş jaýlaryň ählisi otlanmandy diýýärler.

XS
SM
MD
LG