Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Poroşenko: Russiýa esgerlerini çeksin!


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko. 11-nji dekabr, 2014 ý.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko. 11-nji dekabr, 2014 ý.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Russiýany ýurduň gündogaryndaky separatistleri goldamagy bes etmäge we sebitdäki öz goşunlaryny yzyna çekmäge çagyrdy.

Poroşenko şeýle-de iki ýurduň arasyndkay serhedi ýapmaga çagyrdy. Ol munuň netijesinde sanlyja hepdäniň içinde “Ukrainada asudalygy we durnuklylygy üpjün etjekdigini” aýtdy.

Moskwa gündogar Ukrainadaky bolýan wakalara goşulýandygyny inkär edýär.

Poroşenko bu çykyşyny 11-nji dekabrda Awstraliýa saparynynyň dowamynda etdi.

Poroşenkonyň Melburnda eden çykyşynyň yzy bilen, Awstraliýanyň premýer-ministri Tony Abbott hem öz ýurdunyň “Azat Ukraina çuňňur duýgudaşlyk bildirýändigini” nygtady.

Gatnaşyklar

Iki lideriň çykyşyndan bir gün öň gündogar Ukrainada hökümet güýçleri bilen separatistleriň nobatdaky çaknyşygy boldy. Munuň netijesinde yglan edilen “Dymyşlyk güni” mynasybetli ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşygyň durmuşa geçmegine kölege abandy.

Iýul aýynda gündogar Ukrainada separatistleriň gözegçiligindäki sebitde ”Malaýziýa howaýollaryna” degişli uçar urlup ýykylansoň, Ukraina bilen Awstraliýanyň arasyndaky gatnaşyklar has-da jebisleşdi. Uçaryň urlup ýykylmagy netijesinde ölen 300 töweregi adamyň 38-si Awstraliýanyň raýatydy.

Kiýew we Günbataryň aglaba ýurtlary orsparaz separatistleriň Malaýziýanyň ýolagçy uçaryny Moskwa tarapyndan üpjün edilen raketalar bilen urup ýykandygyna ynanýarlar. Kreml bu fakty inkär edýär.

Abbott bu barada: “Eger-de muny eden adamlara Russiýanyň goldaw berendigi anyklansa, biz bu wagşyçylygy edenleriň derňewe we jogapkärçilige çekiljekdigine garaşýarys” diýdi.

Poroşenko bilen Abbott energiýa meselelerini hem maslahat etdiler. Ukrainanyň prezidenti öz ýurdunyň ýadro desgalary üçin Awstraliýadan uran we kömür satyn alyp biljekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG