Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sidniý kafesinde adamlar zamun alyndy


Awstraliýanyň telewideniýesi kafede äpişgeden görkezilýän gara baýdagy görkezýär.
Awstraliýanyň telewideniýesi kafede äpişgeden görkezilýän gara baýdagy görkezýär.

Ýaragly adam Sidniniň merkezindäki bir kafede bir topar adamy zamun aldy.

15-nji dekabrda telewideniýede berlen wideoýazgylar azyndan üç adamyň ellerini äpişgä tarap galdyrap durandygyny, arap elipbiýinde hat ýazylan gara baýdagy görkezdi.

Habarlarda aýdylmagyna görä, baýdakdaky ýazgy «şahada», ýagny yslam boýunça kelemäňi çöwürmegiň teksti bolup durýar.

Şaýatlar tüpeň sesine meňzeýän gaty gümpüldileri eşidendiklerini aýtdylar. Polisiýa ýaraly bolanlar barada maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Habarlarda aýdylmagyna görä, zamun alyjy Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot bilen gepleşikleri talap edýär. Emma polisiýa özleriniň bu barada bada-bat düşündiriş bermejegini aýtdy.

"Kafede iki bomba bar"

Awstraliýanyň “Network 10» telewizion stansiýasy özleriniň telefonda kafedäki iki zamun bilen gepleşendiklerini, olaryň ýaragly adam bize kafede iki bomba, şäheriň başga bir ýerinde bolsa iki bomba goýdum diýip aýtdy diýendigini habar berýär.

Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot paýtagt Kanberrada žurnalistlere zamun alyjynyň bu işi näme sebäpden edendigini bilmeýändiklerini aýtdy:

"Biz häzirlikçe bu işi eden adamyň motiwini, ýagny bu işi näme sebäpden edendigini bilmeýäris. Biz munuň, görnetin şeýle bolup biljegini aňladýan käbir alamatlary bolsa-da, syýasy sebäplidigini ýa däldigini hem bilmeýäris."

Ol syýasy äheňli zorlugyň asyl manysynyň adamlary gorkuzmak maksadyndan ugur alýandygyny hem sözüne goşdy.

"Awstraliýa parahatçylykly, açyk we jomart jemgyt, muny hiç bir zat üýtgedip bilmez. Şu sebäpden hem men ähli awstraliýalyny, adatça bolşy ýaly, şu gün hem öz işleri bilen bolmaga çagyrýaryn" diýip, premýer-ministr aýtdy.

Täze Günorta Weýls polisiýasynyň komissary Andrew Scipione Sidnide žurnalistlere «biz terror şertlerindäki ýagdaýa görä hereket edýäris» diýdi.

Zamun alyşyň alty sagady içinde bu binadaky üç adamyň howpsuz ýere gaçyp çykyşy göründi. Ýene iki adam, ikisi hem aýal, biraz soň gaçyp çykdy.

Olaryň bu binadan nähili ýagdaýlarda çykyp bilendigi anyk däl. Şonuň bilen bir wagtda, «Lindt Chocolat» kafesinde ýene näçe zamunyň galandygy hem anyk däl.

«Lindt Australianyň» ýerine ýetiriji başlygy Steve Loane özüniň bu binada, kafeniň işgärlerini we müşderileri goşaňda, 50 çemesi adamyň bardygyna ynanýandygyny aýdypdyr, emma polisiýa bu çaklamanyň juda ýokardygyny aýdýar. Şaýatlar bolsa ol ýerdäki adamlaryň 13 töweregidigini öňe sürýär.

Agyr ýaraglanan polisiýa ofiserleri Martin meýdançasyny, şäheriň maliýe we söwda merkeziniň ýerleşen ýerini gabap aldy. Zamun alnan kafe hem şu ýerde ýerleşýär.

Şäheriň bu ýerdäki köçeleri baglandy, ofisler ewakuasiýa edildi we jemgyýetçilige bu ýerden daşrak durmalydygy aýdyldy.

Sidniniň Opera öýi hem, golaýda ýerleşýändigi üçin, polisiýanyň gümany esasynda barlandy.

Birleşen Ştatlar Sidnidäki konsullygyny ewakuasiýa etdi we bu şäherdäki amerikan raýatlary üçin duýduryş çap etdi.

Awstraliýa Birleşen Ştatlaryň we onuň Siriýadaky we Yrakdaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy alyp barýan kampaniýasynyň ýarany bolup durýar.

Polisiýa 15-nji dekabrda irden, Awstraliýanyň topragynda terror hüjümini gurnamak plany we Awstraliýanyň raýatlarynyň ýaragly söweşe goşulmak üçin Siriýa gitmegine ýardam edilmegi babatdaky derňewiň çäginde, bir adamyň tussag edilendigini aýtdy.

Yrakdaky we Siriýadaky yslamçy jeňçileriň hatarynda 70 töweregi awstraliýalynyň söweşýändigi çak edilýär we ýaşlaryň arasyndaky radikallaşmanyň köpelmegi ýurt içinde hem hüjümleriň guralmagyna getirer diýen alada bar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG