Owganystanyň Helmand welaýatynyň resmileri janyndan geçen bombaly hüjümçileriň Laşkar Gah şäherindäki banka hüjüm edendigini habar berýärler.
Welaýat häkiminiň metbugat sözçüsiniň berýän maglumatyna görä, 17-nji dekabrda Kabul bankyň Laşkar Gah şäherindäki bölümine partladyjy serişdeli iki adam girip, olaryň biri özüni partladypdyr.
Şeýle-de, sözçi wakanyň bolan ýerinde adam ýitgileriniň bolandygyny, emma olaryň sany barada henize çenli takyk maglumatyň ýokdugyny belledi.
Helmand welaýat polisiýa başlygynyň metbugat sözçüsi Farid Ahmad Obaidiň sözlerine görä, polisiýa bankyň içinde “dört “talybanyň” bardygyna, olaryň biriniň özüni partladandygyna we üçüsiniň howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşýandygyna” ynanýar.