Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Güleniň işini hut öz garamagyna aldy


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we dini wagyz-nesihatçy Fethullah Gülen (s)
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (ç) we dini wagyz-nesihatçy Fethullah Gülen (s)

Günbatar synçylarynyň köpüsi diýen ýaly ABŞ-nyň Güleni Ankara tutup berjegine ynanmaýar.

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan şenbe güni eden çykyşynda ABŞ-da ýaşaýan dini wagyz-nesihatçy Fethullah Gülene we onuň tarapdary bolan metbugat guramalaryna garşy alnyp barylýan jenaýat-aňtaw işini hut öz garamagyna alandygyny aýtdy.

Prezident alnyp barylýan bu işleriň syýasy äheňe we ar alyş maksadyna eýerýändigi barada öňe sürülýän garaýyşlary inkär edýär.

Ondan bir gün owal, ýagny geçen anna güni bolsa Stambulyň kazyýeti Güleniň tussag edilmegi üçin gözleg-aňtaw işlerini geçirmek barada buýruk beripdir.

Gozgalan jenaýat işinde, Fethullah Gülen terrorçylykly maksatlara ýolbaşçylyk etmeklik we terrorçylyk ýollary bilen häkimiýeti ele aljak bolmakda günälenýär.

Ankara-Waşington gatnaşyklary üçin synag

Roýters (Reuters) habar gullugynyň ýazmagyna görä, Pensilwaniýa ştatynda gözegçilik astynda sürgünde ýaşaýan Güleniň tussag edilmegi üçin çykarylan şeýle buýruk Waşington bilen Ankaranyň arasyndaky gatnaşyklary möhüm synaga salyp biler.

Günbatar synçylarynyň köpüsi diýen ýaly ABŞ-nyň Güleni Ankara tutup berjegine ynanmaýar.

Habar gullugy şeýle buýrugyň berilmeginiň Türkiýede kazyýetiň bitaraplygy hem erkinligi babatda sowallary döretjekdigine aýratyn ünsi çekýär.

Sülçi Güleni ýaragly terrorçylykly topara ýolbaşçylyk etmekde aýyplaýar.

"Hiç kimi basgylanoklar"

Prezident Erdogan Türkiýäniň NTW telekanalyna beren beýannamasynda "Men bu kazyýet işleri bilen içgin gyzyklanýaryn. Her bir iş kanuny çäkde alnyp barylýar. Bu ýerde hiç kimi basgylanoklar" diýipdir.

Bir wagtlar aralarynda ýakyn iş hyzmatdaşy bolan prezident Erdogan we "Hyzmat" dini hereketiniň ýolbaşçysy Güleniň gatnaşyklary geçen ýylyň dekabrynda bozulypdyr. Şonda Erdogan maşgalasyna, töweregindäkilere we hökümetiň ministrlerine garşy korrupsiýa ýüz urandyklary barada öňe sürlen garaýyşlary şol "Hyzmat" hereketiniň bilkastlaýyn atan töhmetleri we döwlet agdarylyşygyny etmäge synanyşyk hökmünde baha beripdi. Polisiýa we kazyýet tarapyndan korrupsiýa bilen bagly meseleler esasynda başladylan derňew işleri hem derrew ýatyrylypdy.

ABŞ-da "Hyzmat" hereketine degişli guramalara wekilçilik edýän Ählumumy gymmatlyklar bileleşiginiň beren metbugat beýannamasyna görä, Güleniň tussag edilmekligi barada buýrugyň çykarylmagy "korrupsiýa ýaly meselelerden halk köpçüliginiň ünsüni sowmaklykdan başga zat däldir".

"Tussag edilenler žurnalistler bolanda nä?"

Geçen hepdäniň ahyrynda Türkiýäniň polisi "Hyzmat" hereketiniň tarapdary hasaplanýan metbugat gurmalarynyň jaýlarynda derňew-aňtaw işlerini geçirdi.

Türkiýäniň polisiniň geçiren şeýle derňew-aňtaw işleri Ýewropa bileleşigi tarapyndan berk ýazgarylypdyr.

Prezident Erdogan ÝB tarapyndan edilen tankytlara beren jogabynda "Tussag edilenler žurnalistler bolanda nä? Eýse, žurnalistler jenaýaty döredenoklarmy? [Olar] žurnalistikany öz bähbitlerine galkan ednip ulanýarlar" diýipdir. Erdogan şonda öz garaýyşlaryna tutaryk edip, Britaniýada telefon gepleşiklerini diňländikleri üçin kazyýet tarapyndan azatlykdan mahrum edilen žurnalistleri mysal getiripdir.

"Türkiýe ÝB-niň derwezebany däl"

Erdogan ÝB-niň tankytlary barasynda bolsa "Türkiýäni garalamaklyk üçin hatda Täze ýyl baýramçylygy günlerinde-de öz bähbitlerini aramakdan gaça durmaýarlar. Emma Türkiýäni indi 50 ýyldan bäri [Ýewropa Bileleşigine] agzalyk üçin nobatda garaşdyrýarlar. Türkiýe Ýewropa Bileleşiginiň derwezebany däl" diýip, öz nägileligini bildiripdir.

Anna güni bolan ilkinji kazyýet jemlenşiginde "Samanýolu" (Akmaýanyň ýoly) telekanalynyň ýolbaşçysy bile bilelikde üç žurnaliste garşy kanuny iş gozgalypdyr. "Zaman" gazetiniň baş redaktory Ekrem Dumanly bolsa kazyýet jemlenşiginde azat edilipdir. Ýöne oňa bildirilen aýyplama aýrylmandyr we oňa kazyýet jemlenişiklerine gatnaşmalydygy babatda duýduryş berlipdir.

Jenap Dumanlynyň aýtmagyna görä, ýurduň prezidentiniň žurnalistler barada berýän şeýle äheňdäki beýannamalaryna kazyýet işlerini öz täsiri astyna almak synanyşygy hökmünde baha berilmelidir. ”Samanýoly” gazetiniň baş redaktory "Şol bir wagtyň özünde-de bu ýagdaý Türkiýäniň metbugatynyň ähli galan bölegine prezident hakynda nähili maglumatlaryň ýazylmalydygy babatda berlen bir duýduryşdyr" diýip, nygtaýar.

XS
SM
MD
LG