Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Şu günümize şükür edeliň


Karikatura.
Karikatura.

Nätanyş

Agşamara şähere gelen obaly köçede ilki sataşan polisden “Şäher ýeri howp-hatarly” diýýärler. Myhman ýerim şu köçede ýerleşýär. Agşamara köçeden ýöremek howply däldir-dä, hernä?” diýip soraýar. Polis:

-Gele-gelmän şäherimize töhmet atmagy bes ediň. Howply bolsa, men köçede gezmezdim -diýip, sesine nazym beripdir.

Tanyşlyk

Ýolagçy awtobusynda ýaş ýigit ýaşy bir çene baran adama öz ornuny beripdir. Orun berlen ymykly jaýlaşandan soňra “Inim, dessine tanadym, sen obaly bolmaly. Şäherli ýaşlar öz ornuny özgä bermeýär.
Olara “Biedep” diýibem bolanok. Sebäbi elinde orun görkezlen bileti bar” diýipdir. Ýap-ýaňy ornuny beren ýigit “Agam, siz şäherlimi?” diýip sorapdyr. Orun berlen “Nädip tanadyň?” diýip gabarlypdyr. Ornuny beren ýigit:

-Obaly ýaşula ornuňy berseň, minnetdarlyk bildirýär. Şäherliler ýaly çişip, pezzermeýär -diýipdir.

Abuna ýazyşlyk

Bir üýşmeleňde biri “Orta asyrlar wagşyýana döwür bolupdyr. Jeza berilýän adamyň depesinden dam-dam damja damdyryp, uklatman heläk edipdirler” diýipdir. Üýşmeleňiň bir çetinde oturan:

-A-how, jemagat, şu günden başlap “Gazet-žurnallara zor bilen abuna ýazylmaly edýärler” diýen
gep-gürrüňi goýalyň. Abuna ýazylan gazet-žurnallaryňy doly okamaly etseler, günümiz dam-dam damja duçar bolanyňky ýaly bolardy. Şu günümize şükür edeliň! -diýipdir.

Kümüş balyk

Kelte kyssa

Gojanyň çeňňegine kümüş balyk düşüpdir. Kümüş balyk “Goja, men ertekidäki gyzyl balygyň üçünji arkasy. Atamdaky ýaly gudrat mende-de bar. Ýöne atam ýaly üç dilegi däl-de, bir dilegi bitirip
bilýän. Meni ata-baba mesgen-mekanym Kaspä goýber, bir dilegiňi bitireýin” diýipdir. Goja “Bolýar, kempir bilen maslahat edeýin” diýip, ony tora salyp, tory deňze sallap, öýüne dolanýar.

Kempirine ýagdaýy gürrüň beripdir. Kempir “Meni Prezident etsin” diýipdir. Goja kümüş balygy suwdan çykaryp, kempiriň islegini aýdypdyr. Kümüş balyk “Ony başaramok” diýipdir. Goja balykly tory deňze sallap, öýüne gelip, kempirine ýagdaýy aýdypdyr. Kempir “Meni welaýat häkimi etsin” diýipdir.

Goja deňze öwrülip, tory deňizden çykaryp, kempiriň islegini balyga ýetiripdir. Kümüş balyk ony başarmajagyny aýdypdyr. Lapy keç bolan goja “Güýjüň ýetýän emel-wezipäňi kempirime beräý” diýip, balygy tordan çykaryp, deňze goýberip, öýüne dolanypdyr. Öýüne ýetmäge 50-60 ädim galanda egnine polis eşigini geýen kempiri öňünden çykypdyr. Sag elini gulagynyň deňine ýetirip:

-Goja, pasportyňy görkez, bärä ýazgy-propiskaň bolmasa, gümüňi çek -diýip, üstüne sürnüpdir.

Toplan, taraşlan Amanmyrat Bugaýew

XS
SM
MD
LG