Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe ybadathana gurmakçy


Türkiýäniň yslam kökli hökümeti özüniň Osman imperiýasy 1923-nji ýylda soňlanaly bäri ýurduň ilkinji ybadathanasyny gurmak planlaryny tassyklandygyny aýdýar.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu Stambulda ýygnanan dini liderlere Siriýanyň Hristian ybadathanasynyň şäheriň çetindäki Ýeşilköýde, döwlet eýeçiligindäki ýerde guruljagyny aýtdy.

Türk resmileri ozallar diňe öňden bar bolan ybadathanalaryň bejerilmegine we täzelenmegine rugsat berýärdiler.

Bu ýurtda grek prawoslaw, ermeni we katolik ybadathanalarynyň bir topary bar, emma olaryň ählisi Osmanly zamanynda, ýurduň ullakan hristian azlygyna eýe bolan döwri gurlan.

XS
SM
MD
LG