Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Şa täjindäki ýazgylar"


Kitap, äýnek.
Kitap, äýnek.

Epigrammalar

1.

Şa lowlaýan ýanar otdur,

Daşlaşma,

Üşärsiň, gagşadar aňzagy gyşyň.

Şa otdur,

Çoýunma has golaý baryp,

Çirkizer saç-sakgal, kirpig-u-gaşyň.

2.

Naw münen ýalydyr şa bilen dostluk,

Yzy bar, bu söze gulagyň gergin!

Gaý-tupansyz oňmaz deňiz-ummanlar,

Oslagsyz gaý turar, gark eder bir gün.

3.

“Närsä baha kesiň netijä garap,

Bir nal bir aýagy edýändir harap.

Bir aýak bir aty, bir at bir şany,

Bir şa bir döwleti edýändir weýran”—

Diýipdir Çingiz han-mor sakgal Kagan.

4.

“Älem iki patyşa darlyk eýleýär,

Bir patyşa üçinem ol uly, ymgyr”—

Diýipdir leň aýak serkerde Teýmir.

5.

Adalatly kişi şa bolup bilmez,

Akyllylar muny etmezler inkär.

Ýöne şanyň adalatsyz işleri,

Hak, adalat diýip edilýär ykrar.

6.

Görmeli närsäni görmez şa gözi,

Şa kişi batyldan has beter kördür.

Şa-da akyl bardyr, paýhasy ýokdur,

Şanyň jam deý eşitgir gulagy bardyr.

Ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.

XS
SM
MD
LG