Eýran Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynda Muhammet pygamberiň täze karikaturasynyň çap edilmegini “kemsidiji” we “öjükdiriji” diýip häsiýetlendirip, ony tankyt etdi.
7-nji ýanwarda hüjümçiler Fransiýanyň “Charlie Hebdo” satiriki žurnalynda 12 adamy öldüren soň, žurnalyň ilkinji gezek çapdan çykýan sanynyň baş sahypasynda Muhammet pygamberiň karikaturasy çap edilip, onuň daşynda “Ähli kişi bagyşlandy” diýen sözbaşy ýerleşdirildi.
Bu žurnal 14-nji ýanwarda satuwa çykaryldy.
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sözçüsi Marzieh Afham (Marzieh Afkham) fransuz žurnalynyň baş sahypasy “musulmanlaryň duýgularyny kemsidýär we öjükdirýär” diýdi.