Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 3-nji hepde
1
Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonynda sowadyjy ulgamlary aýrylýar. Şeýle çäreler ýakynda paýtagtyň Parahat-7 sebitinde hem amala aşyrylypdy. Şonda resmiler bu sebitde köçä tarap bakyp duran ýaşaýyş jaýlaryň sowadyjy ulgamlaryny aýyrypdylar.
2
Aşgabadyň poçta bölüminde pensiýa haklaryny almak üçin nobata duran ýaşaýjylar. Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap pensionerleriň pensiýa haklary 10% ýokarlandyryldy. Şol bir wagtyň özünde käbir pensionerler ýurtda dollaryň gymmatlamagy, şeýle-de bahalaryň ýokarlanmagy netijesinde öz pensiýalarynyň köpelmän, gaýtam öňküsinden 15% çemesi peselendigini aýdýarlar.
3
Aşgabat şäheriniň 10-njy kiçi etrapçasynda hususy kommersiýa dükanynyň aýrylan ýeri. Geçen ýylyň dowamynda resmiler tarapyndan hususy kommersiýa dükanlarynyň ençemesiniň gapysyny ýapyldy, olaryň käbirleri ýumrulyp, ýerinden aýryldy. Ýerinden aýrylan käbir dükanlaryň harabasynyň ýygnalmaýandygy aýdylýar.
4
Aşgabadyň awtobus duralgalarynyň birinde enenli-gyzyň awtobusa garaşyp duran pursady.