Pakistanyň resmileri ýurduň Demirgazyk Waziristan tire-taýpalar regionynda pilotsyz uçaryň amala aşyran raketa hüjüminde azyndan dört söweşijiniň öldürilendigini habar berýärler.
Adynyň efirde agzalmazlygyny soran Pakistanyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisiniň berýän maglumatyna görä, 19-njy ýanwarda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçary söweşijileriň Şahi Hel sebitindäki birikmesine iki raketany uçurypdyr.
Bu raketa hüjümlerinde kimleriň nyşana alnandygy barada takyk maglumat berilmeýär we resmiler hüjümlerde dörtden köp adamyň ölen bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.
Pakistanyň Demirgazyk Waziristan we ýarym awtonom beýleki regionlary “Al-Kaýda” we “Talyban” söweşijileriniň buky ýerine öwrülendir.
Pakistanyň harbylary geçen ýylyň iýun aýynda Demirgazyk Waziristan sebitinde operasiýalar başlany bäri 1 800-den gowrak söweşijiniň öldürilendigini öňe sürýärler.