Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Türkmenistana iki günlük resmi saparyny dowam etdirýär. Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat edarasynyň berýän maglumatyna görä, 21-nji ýanwarda Aşgabatda owgan prezidenti Aşraf Gani türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Maglumatda iki ýurduň resmileriniň Türkmenistany Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana birikdirýän gazgeçirijiniň taslamasynyň gurluşygy barada maslahat edendigi bellenilýär.
Şeýle-de, Gani we Berdimuhamedowyň Türkmenistany, Owganystany we Täjigistany birikdirýän demirýol taslamasy we Türkmenistandan Owganystana akdyrylýan elektrik energiýasynyň mukdaryny artdyrmak ähtimallygy barada gürrüň edendigi nygtalýar.
Şol bir wagtyň özünde 21-nji ýanwarda Owganystanyň paýtagty Kabulda owgan senatory Gul Muhammad Rasuli parlamentde çykyş edip, soňky aýlarda türkmen-owgan serhediniň golaýynda yslamçy söweşijileriň, şol sanda merkezi aziýaly söweşijileriň göze ilýändigi dogrusynda çykan maglumatlar barada aladalanma bildirdi.