Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri “Yslam döwleti” atly toparyň halkara problemasydygyny belläp, bu topara garşy göreşmek ugrunda öňe gidişlikleriň gazanylandygyny aýtdy.
Kerri bu barada “Yslam döwleti” atly yslamçy toparyň söweşijilerine garşy göreşýän Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýanyň Londonda geçiren ýygnagyndan soň belläp geçdi.
Şeýle-de, ol “biz bu ugurda ösüş gazandyk we ösüşi dowam etdireris” diýdi.
Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly söweşiji topara garşy göreşýän koalisiýanyň düzüminde 60 çemesi ýurt bolup, gürrüňi gidýän topara garşy awgust aýyndan bäri 1 000 çemesi howa zarbalary amala aşyryldy.