19 ýaşyndaky koloradaly aýal Denweriň federal sudy tarapyndan günäli tapylyp, dört ýyl tussaglyga höküm edildi.
Ol «Yslam döwleti» toparyna kömek bermegi planlaşdyrandygyny boýun aldy. Konliý 23-nji ýanwarda höküm çykarylmazyndan öň okan benatynda FDB-ä özüniň aman galmagynda eden kömegi üçin sagbolsun aýtdy.
Şannon Konliý geçen sentýabrda daşary ýurtdaky terrorçy gurama maddy kömek bermek baradaky dildüwşüge goşulandygyny boýun aldy we derňewçiler bilen hyzmatdaşlyk etmäge razy boldy.
Ol geçen aprelde, Denweriň halkara uçar meýdanyndan Germaniýa, soňra bolsa Siriýa gitmekçi bolanda tussag edildi.
FDB Konliniň tunisli bir erkek bilen gatnaşykda bolandygyny, onuň ýaş denwerlini Siriýa gelip, özüne durmuşa çykmaga yrandygyny aýtdy.