Orsýetiň hökümeti Krymda bahasy 3 milliard dollarlyk köprini gurar. Hökümetiň resmi websaýtynda 30-njy ýanwarda çap edilen karara görä, Gara deňiziň Kerç bogazyndan geçýän köpriniň gurluşygyny “Stroýgazmontaž” kompaniýasy amala aşyrar. Orsýet Krym ýarymadasyny geçen ýylyň mart aýynda Ukrainadan bölüp, öz düzümine goşdy.
“Stroýgazmontaž” prezident Wladimir Putiniň çagalyk dosty we judo boýunça partnýory Arkadiý Rotenberge degişli.
Rotenberg Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri bilen baglylykda Moskwa garaşy girizilen halkara sanskiýalarynyň netijesinde ABŞ-daky we Ýewropa Bileleşigindäki hasaplaryny ulanyp bilmeýär.
Hökümetiň kararyna görä, köpriniň bahasy 3 milliard amerikan dollaryndan artyk bolmaly däl we 2018-nji ýylyň dekabrynda gurlup gutarmaly.