Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň wekilleri 20-nji ýanwarda Mazar-e-Şerif şäherinde ýygnanyşyp, täze owgan hökümetinden öz hak-hukuklaryny talyp edip, protest ýörişini geçirdiler.
Şeýle-de ýakynda Owganystanyň täze hökümetiniň düzümine owgan türkmenleriniň hem bir wekiliniň girendigi, ýagny ministr bellenendigi barada habar çykdy.
Eýsem owgan türkmenleri Owganystana gelýän demokratiki gymmatlyklardan nähili peýdalanýarlar we olaryň bu ugurdaky tejribeleri nämeleri görkezýär?
Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginde, Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenleriň gatnaşmagynda guralan ýörite söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi bölüşmäge çagyrýarys.