Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE Siriýada söweş missiýasyny tamamlady


ABŞ-nyň howpsuzlyk resmileri geçen ýylyň aýagynda iordaniýaly pilotyň ýesir alynmagyndan soň Birleşen Arap Emirlikleriniň Siriýada öz söweş missiýasyny tamamlandygyny habar berdiler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň iordaniýaly pilotyň dekabrda ýesir alynmagyndan soň öz pilotlarynyň howpsuzlygy bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli “Yslam döwletine” garşy howadan amala aşyran hüjümlerini ýatyrandygyny ilkinji bolup “New York Times” gazeti habar beripdi.

Şu hepdede peýda bolan wideoda pilot Muath Al-Kasaesbehiň diriligine otlanyp, öldürilendigi görkezildi. Iordaniýanyň patyşasy Abdylla 4-nji fewralda agşam eden çykyşynda “Yslam döwletiniň” söweşijilerine garşy rehimsiz uruş alyp barmaga çagyrdy. 4-nji fewralda Iordaniýa iki yrakly söweşijini, şol sanda 2005-nji ýylda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda onlarça adamyň ölümine sebäp bolan bomba partlamalaryna gatnaşykda aýyplanan zenany jezalandyrdy.

XS
SM
MD
LG