Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Serhetde 18 söweşiji öldürildi


Owganystanyň gündogarynda bolan ok atyşykda azyndan 18 söweşijiniň we owgan howpsuzlyk güýçleriniň bir agzasynyň öldürilendigi habar berildi.

Resmileriň aýtmagyna görä, söweş Owganystanyň Pakistan bilen serhediniň golaýyndaky Nangarhar welaýatynyň Nazyan etrabynda bolupdyr.

Welaýatyň polisiýa ýolbaşçysynyň metbugat-wekili Azrat Hussain Maşrikiwal 4-nji fewralda tamamlanan ok atyşygyň netijesinde 26 söweşijiniň we iki howpsuzlyk işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Şeýlede ol dört söweşijiniň, şol sanda Pakistanyň bir raýatynyň ele salnandygyny aýtdy. Söweşijileriň elinden ençeme ýarag we partlaýjy serişdeler alnypdyr.

Ýerli tire-taýpalaryň ýolbaşçysy söweşlerde alty sany parahat ýaşaýjynyň hem wepat bolandygyny habar berdi. Owganystanyň “Talyban” hereketi ABŞ-nyň bir dikuçaryny urup gaçyrandygyny we Nazyan etrabynda onlarça owgan harbysyny öldürendigini 4-nji fewralda aýtdy. Bu maglumat ABŞ-nyň resmileri tarapyndan ret edildi.

XS
SM
MD
LG