Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türmedäki durmuş 'daşaryk çykýar'


Türkmen türmesinde 11 ýyl gowrak oturan rus raýaty Stanislaw Romaşenko
Türkmen türmesinde 11 ýyl gowrak oturan rus raýaty Stanislaw Romaşenko

14-nji fewralda Norwegiýanyň paýtagty Oslo şäherinde adam hukuklaryna bagyşlanan dokumental filmleriň halkara festiwaly geçirildi.

Bu festiwalda Türkmenistandan alternatiw habarlary çap edýän habartm.org websaýtynyň baş redaktory Ruslan Mätiýewiň «Türkmenistan: Gözenegiň aňrysyndaky durmuş» atly filmi hem görkezildi.

Azatlyk radiosy Ruslan Mätiýewden öz täze filmi barada gürrüň bermegini sorady.

Azatlyk radiosy: Ruslan, Osloda, «Adam hukuklary we adam ýalňyşlyklary» atly dokumental filmler festiwalynda siziň düşüren «Türkmenistan: Gözenegiň aňrysyndaky durmuş» atly filmiňiziň premýerasy bolupdyr. Bu film, ony döretmekden göz öňünde tutan maksadyňyz hakynda aýdyp bilmezmisiňiz?

Žurnalist Ruslan Mätiýew
Žurnalist Ruslan Mätiýew

Ruslan Mätiýew: Bu film bir tussagyň, ýagny ozalky tussagyň, Orsýetiň raýatynyň (Stanislaw Romaşenko) başdan geçirenleri esasynda döredildi. Ol uzak wagtlap, has anygy 11 ýyldan gowrak türkmen türmesinde oturdy. Aslynda oňa 19 ýyl iş kesilipdi. Emma geçen ýylyň iýulynda Türkmenistanyň prezidenti onuň günäsini geçdi. Filmiň maksady türkmen türmelerindäki durmuşy içinden görkezmekden ybarat. Ýagny biz adaty tussagyň nähili ýagdaýda ýaşaýandygy, türmedäki korrupsiýa, tussaglaryň köpçülikleýin protestleri barada gürrüň edýäris. Eger jemläp aýtmaly bolsa, bu şu günki günde türkmen türmesiniň içinde bolýan ähli zady öz içine alýar.

Azatlyk radiosy: Ruslan, siziň gahrymanyňyz Stanislaw Romaşenko türkmen türmesinde tussaglaryň protest bildirip, öz bedenlerine agyr ýara salşyny, wraçlaryň käbiri gelip-gidenden soň, agyr hassalaryň derrew ýogalyşyny gürrüň berýär. Sizde bir tussagyň ýatlamalaryndan başga, türkmen türmesindäki şertleri göz öňüne getirmäge kömek etjek goşmaça maglumatlar hem barmy?

Ruslan Mätiýew: Hawa, men türmeler bilen öňräkden bäri meşgullanýaryn we türkmen türmelerinde saglygy saklaýyş meselesi hakykatdanam köp zatlary arzuw etdirýär. Ýöne muňa garamazdan, soňky bir ýarym ýyl wagt içinde bu ýagdaý birneme gowulaşdy. Ýagny tussaglaryň saglyklaryna has köp üns berilýär, barlaglar ýygy-ýygydan geçirilýär. Tussaglaryň inçekesel bilen keselläp-kesellemändigini barlaýarlar. Filmiň gahrymany Stanislawyň aýtmagyna görä, türmeler derman bilen hem üpjün edilýär. Emma bir mesele bar, ol dermanlar hemişe tussaga baryp ýetmeýär.

Umuman alnanda bolsa, türmelerdäki ýagdaýlar birneme gowulaşýar, türme işgärleriniň tussaglara çemeleşmesinde ilerleme bar, bendiler urup-ençmelere az sezewar bolýar. Emma bu hemme ýerde beýle däl, bu gowulaşma anyk türmeler bilen bagly. Mysal üçin, Seýdi şäherindäki türmede tussaglara çemeleşme gowy diýip boljak däl. Emma Owadandepe türmesinde tussaglara çemeleşme biraz gowulaşdy.

Azatlyk radiosy: Siziňçe, bu gowulaşmanyň sebäbi näme?

Ruslan Mätiýew: Meniň pikirimçe, bu ilkinji nobatda informasiýa, maglumat bilen bagly. Ozal türme hakynda beýle kän we beýle ýygy ýazylmazdy. Mundanam başga, bu mesele dürli halkara platformalarynda, şol sanda BMG-de hemişe gozgalyp durýar.

Ýagny türkmen türmelerine halkara gözegçileriniň baryp bilmelidigi, halkara ekspertleriniň türmeleri gözleri bilen görüp, tussaglaryň özleri bilen gürleşmelidigi aýdylyp durulýar. Meniň pikirimçe, bularyň hemmesi täsir edýär, emma ilkinji nobatda maglumatyň daşa çykmagy, ýaýramagy gowulaşma täsir edýär.

Azatlyk radiosy: Siziň saýtyňyzda bu filmiň Waşingtonda hem görkeziljegi aýdylýar. Film bile bagly indiki planlaryňyz näme?

Ruslan Mätiýew: Hawa, bu film 9-njy martda Waşingtonda görkezilmeli. Şol bir wagtda, tomsa gabat men ýene bir film çykarmakçy bolýaryn we ol hasam gyzykly bolar öýdýärin. Olam türkmen türkmen türmeleri hakynda bolar, ýöne wakalar başgaçarak. Emma men häzir onuň mazmuny hakynda aýdyp durjak däl, goý, ol kiçiräk bir intriga bolup galsyn.

XS
SM
MD
LG