Birleşen Ştatlaryň ýokary derejeli komandirleri we diplomatlary “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine garşy göreşi maslahat etmek üçin 23-nji fewralda duşuşýarlar.
Birleşen Ştatlaryň Kuweýtdäki harby lagerinde geçiriljek duşuşyga Birleşen Ştatlaryň täze Goranmak sekretary Aşton Karter (Ashton Carter) hem gatnaşýar.
Şeýle-de, bu ýygnaga gatnaşýanlaryň arasynda general Loýd Austin (Lloyd Austin), Birleşen Ştatlaryň Ýakyn gündogardaky güýçleriniň ýolbaşçysy we pensiýa çykan general Jon Allen, prezident Barak Obamanyň “Yslam döwletine” garşy düzülen koalisiýadaky ilçisi dagylar bar.
Şol bir wagtyň özünde bu duşuşyga Birleşen Ştatlaryň Müsürdäki, Iordaniýadaky, Kuweýtdäki, Saud Arabystanyndaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçileri hem gatnaşýarlar.