Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çaknyşykda türkmen elektrik liniýasy kesildi


Owgan güýçleri.
Owgan güýçleri.

Owganystanyň käbir sebitlerinde Türkmenistandan akdyrylýan elektrik energiýasynyň kesilendigi habar berilýär. Muňa demirgazyk Owganystanyň Farýab welaýatynyň Döwletabat etrabynda “Talyban” söweşijileri bilen owgan güýçleriniň arasynda bolan çaknyşygyň sebäp bolandygy, ýagny çaknyşygyň netijesinde Türkmenistandan akdyrylýan elektrik energiýalarynyň sütünlerine zeper ýetendigi aýdylýar.

Häzirki wagtda Owganystanyň Meýmene şäheriniň, Döwletabat, Şirintegap, Jumabazar atly etraplaryň ilatynyň elektrik energiýasyz galandygy bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

please wait

No media source currently available

0:00 0:02:55 0:00

XS
SM
MD
LG