Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 10-11-nji mart aralygynda resmi sapar bilen Türkmenistana barýar.

Eýranyň “Mehr” habar gullugynyň websahypasyndaky maglumatda, Rohaniniň aragatnaşyk we metbugat boýunça orunbasary Parwiz Esmailiniň sözleri getirilip, onda eýran lideriniň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi çakylygy esasynda – Aşgabada barýandygy bellenilýär. Şeýle-de, Rohaniniň sişenbe güni Aşgabadyň aeroportunda türkmen prezidenti tarapyndan garşy alynjakdygy aýdylýar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynda berilýän maglumata görä, ýokary derejede geçiriljek türkmen-eýran gepleşikleriniň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar pudaklar boýunça ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmek hem planlaşdyrylýar.

Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG