Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Senatorlar Obama duýduryş berýärler


ABŞ-nyň respublikan partiýasyndan 47 senator ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň Eýran bilen islendik ylalaşygynyň Kongress tarapyndan makullanmadyk ýagdaýynda gysga möhletli boljakdygyny duýdurdy.

Obamanyň administrasiýasy we Eýranyň Daşary işler ministri senatorlary adaty bolmadyk bu hereketi üçin tankyt etdiler. ABŞ-nyň resmileri munuň dünýäniň alty döwletiniň Tähran bilen ýadro ylalaşygyny durmuşa geçirmek boýunça geçirýän gepleşiklerine, kesgitlenen wagt möhletiniň dolmagynyň öňýanynda zeper ýetirip biljekdigini aýtdylar.

Eýranyň liderlerine ýazylan açyk hatda senator Tom Kotton we ýene 46 senator Kongress tarapyndan makullanmazdan gelinjek ylalaşygyň Barak Obamanyň we Eýranyň baş lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň arasyndaky bir ylalaşyk bolup biljekdigini bellediler.

Respublikanlar we käbir demokratlar baglaşylýan islendik ylalaşyk boýunça ses berişlik geçirilmegini talap edýärler. Ak Tam senatorlaryň Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklere degişli bu hereketlerini ýazgardy.

XS
SM
MD
LG