Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän orsýetli aktiwist Boris Nemtsowy öldürmekde güman edilýän esasy şübheli gynamalara sezewar edilen ýaly bolup görünýär diýensoň, rus derňewçileri tarapyndan soraga çekildi.
Aktiwist Andreý Babuşkiniň aýtmagyna görä, 12-nji martda federal gullugyň derňewçileri aktiwisti “Boris Nemtsowyň öldürilmegi bilen baglanyşykly işde şaýat hökmünde” soraga çekipdirler.
Babuşkiniň sözlerine görä, Derňew komitetiniň ofiserleri aktiwiste indi onuň Nemtsowyň işinde şaýatdygyny aýdyp, onuň şübheliler bilen duşuşmagyny gadagan edipdirler.
11-nji martda Babuşkin deslapky tussaghanada Zaur Dadaýewi we Nemtsowyň işi bilen ilteşikli beýleki iki şübhelini görmäge baransoň, Dadaýewiň “gynamalar esasynda görkezme berendigine” ynanmaga esas bar diýipdi.