Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukraina öldüriji howpy bolmadyk ýardam ugradýar


Gündogar Ukrainada Debalsewe regionyndaky Nikişynede ýerleşýän ýumrulan jaýyň öňünde garry ene öz göz ýaşyny süpürýär.
Gündogar Ukrainada Debalsewe regionyndaky Nikişynede ýerleşýän ýumrulan jaýyň öňünde garry ene öz göz ýaşyny süpürýär.

Birleşen Ştatlar Kiýewe 75 million amerikan dollary möçberinde öldüriji howpy bolmadyk harby kömegi ugratjakdygyny mälim etdi we has köp orsýetçi separatistleriň, şol sanda rus bankynyň adyny gara sanawa goşdy.

Harby kömegiň düzümine radiolar, pilotsyz uçýan apparatlar, radarlar, ilkinji medisina kömegini bermek üçin niýetlenen apteçkalar, tiz kömek ulaglary we beýleki medisina serişdeleri girýär.

Birleşen Ştatlaryň wise-prezidenti Joe Baýden (Joe Biden) Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko Waşingtonyň ugratjak täze harby kömegi barada telefon arkaly mälim etdi.

Ukraina ugradyljak harby ýardamlar, NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg (Jens Stoltenberg) ok atyşygy bes etmek barada 12-nji fewralda Minskde gol goýlan ylalaşyga garamazdan, Russiýa gündogar Ukrainadaky separatist güýçleri ýarag bilen üpjün etmäge we türgenleşdirmäge dowam edýär diýmeginiň yzýany mälim edildi.

XS
SM
MD
LG