Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 11-nji hepde
1
Aşgabatda kommunal kärhanasynyň köçe süpürýän işgärleri ýagşyň yzýany, paýtagtyň köçelerinde üýşen ýagyn suwlaryny arassalaýarlar. Paýtagtda güýçli ýagan ýagyndan soň, her gezeginde diýen ýaly köçelerde ýagyn suwlarynyň üýşýändigi habar berilýär. Paýtagtyň köçelerini ýagyn suwlaryndan arassalamak işlerine bolsa, komunal kärhananyň işgärleri, hat-da ýörite suw sorujy maşynlar gatnaşdyrylýar.
2
Aşgabadyň 11-nji mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlaryň biriniň öňünde gurlan goşmaça, ilat arasynda "pristroýka" hem diýlip atlandyrylýan, otaglaryň käbirleriniň ýykylan pursady. Ýaşaýyş jaýlaryň, hususanda, birinji gatynyň öňündäki goşmaça otaglary ýykmak çäresi 2013-nji ýylyň iýun aýynda başlapdy.
3
Aşgabatda ýagan ýagyndan soň, Çoganly raýonynyň köçeleri. Çoganlynyň käbir ýaşaýjylary, güýçli ýagan ýagyndan soň, raýonyň köçelerinde ençeme günläp ýagyn suwlarynyň üýşüp durýandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu ýagdaýyň köçelerden pyýada geçýän ýaşaýjylara ýaramaz täsir edýändigini belleýärler.
4
Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynda geçip barýanlara ýüzlenip, ýazylan duýduryş-bildirişi.