Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: Eýran ylalaşygy belli däl


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Eýranyň ýadro baýlaşdyrmak programmasy baradaky geçiş ylalaşygynyň aýyň aýagyndaky soňky möhlete ýetişip-ýetişmejegi aýdyň däl diýdi.

Kerri bu sözleri 14-nji martda, Müsüriň Gyzyl deňiz kurort şäheri Şarm El-Şeýhde geçirilýän inwestisiýa konferensiýasy mahalynda aýtdy.

Bu sözler Şweýsariýada, Eýran bilen gepleşikleriň 15-nji martda başlanjak täze tapgyrynyň öň ýanynda aýdyldy.

Kerri men size «biziň ylalaşyga gelip biljegimizi ýa bilmejegimizi aýdyp biljek däl» diýdi.

XS
SM
MD
LG