Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylar Nowruz belleýär


Türkmenistanlylar şenbe we ýekşenbe günleri gadymdan gelýän Nowruz baýramyny, milli bahar baýramyny belleýär.

Nowruza bagyşlanan esasy dabaralar Aşgabadyň eteginde, Ahal welaýatynyň ajaýyp künjeginde ähli welaýatlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Türkmen telewideniýesi bu ýerde türkmen obasynyň gurnalandygyny, baýramçylyk günleri dürli döredijilik çäreleriniň geçiriljegini, sergileriň açyljagyny, konsertleriň beriljegini, teatr hem-de folklor toparlarynyň çykyşlarynyň görkeziljegini, milli oýunlaryň we at çapyşyklarynyň gurnaljagyny bir gün öňünden habar berdi.

Nowruz baýramçylygy ýurduň regionlarynda hem bellenilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG