Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende uruş uçarlary pitneçileri nyşana alýar


Saudy Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky howa kampaniýasy Ýemende şaýy pitneçileriniň öz häkimiýetini dikeltmeginiň öňüni almak maksady bilen amala aşyrýan hüjümleriniň ikinji gününde, ýagny 27-nji martda uruş uçarlary Sanaadaky we beýleki sebitlerdäki Huti pitneçilerini we olaryň ýaranlaryny nyşana alýar.

Günbatar habar gulluklarynyň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp berýän maglumatyna görä, ir säher bilen amala aşyrylan howa zarbalarynda Sanaadaky prezident köşgi nyşana alnypdyr.

26-njy martda Ýemeniň prezidenti Abd-Rabbu Mansour Hadi ýurdy terk edip, Saud Arabystanyna bardy.

Hutileriň Ýemeniň Saud Arabystany bilen serhediniň golaýynda ýerleşýän demirgazykdaky berkitmesi – Saadanyň hem bombalanandygy barada Ýemeniň “Barakish.net” atly garaşsyz habar websaýty habar berýär.

Ýemeniň saglyk resmileri iki günüň dowamynda amala aşyrylan howa zarbalarynda azyndan 39 adamyň öldürilendigini mälim etdiler.

XS
SM
MD
LG