Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa rus raýatlaryny aýyplaýar


Polşa 2010-nji ýylda bolan we 96 adamy, şol sanda Polşanyň şol wagty prezidenti Leh Kažunskini öldüren uçar heläkçiliginde iki sany rus kontrolýoruna aýyp bildirmekçi bolýar.

Polýak prokurory Ireneusz Szelag uçar meýdanynyň kontrolýorlarynyň Orsýetiň Smolensk şäheriniň ýanyndaky aeroportda ýaramaz howa şertlerinde gonmaga synanýan uçar bilen aragatnaşykda bolandygyny aýtdy.

Emma ol kontrolýorlaryň atlaryny we olara bildiriljek aýyplamalaryň detalllaryny aýtmady.

Şol uçar heläkçiligi bolanda polýak resmileri Ikinji Jahan Urşy mahalynda sowet gizlin gulluklary tarapyndan Katynda gyrlan polýak harbylarynyň hatyrasyny tutmaga barýardy.

XS
SM
MD
LG