Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro gepleşikleri dowam etdirildi


Dünýäniň täsirli alty ýurdunyň baş diplomatlary we Eýran Tähranyň ýadro programmasyny çäklendirip, ykdysady sanksiýalary gowşatmak barada ylalaşygyň wagt möhletiniň geçen gije tamamlanmagyndan soň 1-nji aprelde Şweýsariýanyň Lausanna şäherinde gepleşiklerini ýene-de dowam etdirdiler.

Baglaşylmagy mümkin çäkli ylalaşyk 30-njy iýula çenli köptaraplaýyn ylalaşyga ýol açmaly.

Bu ylalaşyk Eýranyň ýadro programmasy boýunça 12 ýyllap dowam eden gapma-garşylygyp soňuna çykyp biler. Günbatar döwletleri we Ysraýyl Eýranyň programmasynyň ýadro ýaragyny döretmek maksadyna gönükdirilmeginden howatyrlanýarlar, Tähran muny ret edýär.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow taraplar “meseläniň soňky tapgyryna degişli esasy meseleler boýunça baş ylalaşyga geldiler” diýdi.

XS
SM
MD
LG