“Amnesty International” guramasy hökümetleriň jenaýatçylyga we terrorçylyga garşy göreşmekde, şeýle-de içerki durnuklylygy üpjün etmekde iň ýokary jezany ulanmagy sebäpli, dünýäde ölüm jezasyna höküm edilenleriň sanynyň 2014-nji ýylda çürt-kesik köpelendigini aýdýär.
Guramanyň 1-nji aprelde çap eden hasabatyna laýyklykda, 2014-nji ýylda 55 ýurtda ölüm jezasy bilen bagly azyndan 2466 waka hasaba alnypdyr.
Bu san ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 25% ýokary. “Amnesty International” guramasynyň 2013-nji ýylda 57 ýurtda ölüm jezasy bilen bagly 1925 wakany hasaba alypdy.
Hökümete degişli bolmadyk bu gurama Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika regiony boýunça hasaba alnan ölüm jezasynyň 90% Saud Arabystana we Eýrana degişli.
Ýewropada we postsowet regionynda ölüm jezasyny ýatyrmadyk we wagtlaýyn gadagançylyk girizmedik ýeke-täk ýurt bolan Belarusda 2014-nji ýylda azyndan üç adam jezalandyrylypdyr.