Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Garyplygy" kim nähili görýär?


Balkan welaýaty. Jebel görnüşi
Balkan welaýaty. Jebel görnüşi

Ženewada, BMG-niň adam hukuklary komitetinde Mümkinçiligi çäkli adamlar boýunça geçirilen diňlenişik mahalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili ýurtda «garyp-gasarlyk» ýagdaýynyň ýokdugyny aýtdy.

Azatlyk radiosy 2-nji aprelde bu beýanat barada ýörite forum açyp, sosial ulgamlardaky muşdaklaryna «Ylalaşýaňyzmy, hawa ýa ýok?» diýen soragy berdi. Bu soraga gysga wagtda onlarça okyjymyz seslenip, öz pikirlerini aýtdy.

Mysal üçin, Azatlygyň Wkontakte sahypasynda teswir galdyran okyjylarymyzdan Azat Orazmuhamedow Türkmenistanda «garyplyk» diýen düşünjäniň umuman ýokdugy bilen 100 prosent ylalaşýandygyny aýdypdyr.

Emma Azat Rahmankulow atly okyjymyz vkontakte sahypamyzda «ýok» diýen jogap galdyrypdyr.

Umuman, bu sorag okyjylarymyzyň arasynda jedel döredipdir. «Garyplyk» düşünjesiniň ýoklugy bilen ylalaşýanlar hem, ylalaşmaýanlar hem öz pikirlerini gysgaça delillendirmäge çalyşýarlar.

Student gyzlardan pul dileýän dilegçi. Aşgabat, 2013.
Student gyzlardan pul dileýän dilegçi. Aşgabat, 2013.

Mysal üçin, Džeýran Şamuhammedowa «Dogrymy aýtsam, hudaýa şükür, gedaý göremok. Işläp gazansa bolýa, ýaltalyk gedaý edýär. Meniň pikirimçe, her kim öz ykbalyny özi saýlaýar» diýip ýazypdyr. Oraz Annaýarow bolsa, «Islendik ýurda seredeňde Türkmenistanda garyplyk az. Hawa, garyplyk diýen düşünje ýok, ylalaşýan» diýipdir.

Garyplyk 'gözüňe görünýändir'

Hojaguly Durdyýew bolsa «garyplyk bar, gedaýlygam bar, ýöne biz göremizok» diýmek bilen, bu ýagdaýy görjegiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyna, awtostansiýanyň töwereklerine baryp görmegini maslahat berýär. Emma Azat Orazmuhamedow ol diýilýän ýerde beýle zadyň ýokdugyny aýdyp, munuň Hojagulynyň gözüne görnen bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürýär.

Kolýa Iwanow atly okyjymyz Wkontakte-de işsizlik sebäpli bir öýde 3-4 gelniň posobiýa garaşyp oturmaly bolýandygyny aýtsa, Diýar Diýar atly okyjymyz feýsbukda «Wah, gidip bir halkdan, milletden sorasalar-da... Türkmenabat, Daşogzy hasaba almaýarlarmy, onda garypçylyk ýokmuka siziňçe?» diýip sorapdyr.

Hudaýýar Begliýew bolsa, «köşkden çykmasaň, garyplyk bardygyny ýa ýokdugyny görüp bolmajagyny» öňe sürýär. Serdar Bäşimowyň pikirine görä, «daşary ýurtlara seredeňde» Türkmenistanda «garyplyk ýok aslynda».
Teswir ýazýanlaryň içinde pikirini delillendirmegiň, esasly jedele girmegiň, çekişmegiň ýerine hapa sözleri ulanyp, erbet-erbet sögünýänler hem bar.

Emma okyjylar şeýle ýagdaýda hem özüni ýitirmän, «garyplyk ýok diýýäňiz, emma köp adam daşary ýurtlarda işleýär, bu baýlykdanmy?» diýip, delilli jedeli dowam etdirýärler. Ýöne şol bir wagtda işsizlik, garyplyk barada aýdylmagyny Türkmenistany garalajak bolmak hökmünde kabul edýänler hem bar.

"Türkmenistany garalamak"

Aýdaly, özüne Alp Arslan diýip at beren okyjymyz «Türkmenistanyň adyny garalaýanlaryň dykgatyna: daşary ýurtda (Hudaý saklasyn) ölseňiz, ýene Türkmenistana getirilip, onsoň jaýlanýansyňyz, şony unutmaň» diýip ýazýar.

Suleýman Begençew bolsa, «Biz Türkmenistanyň adyny garalamyzok... Türkmenistan näçe baý bolsa-da, öz halkyna seretmese, näme peýdasy bolsun» diýip ýazýar.

Feýsbukda teswir ýazanlaryň içinde Türkmenistanyň baýlygyny nygtap, ol baýlygyň ýurtda ýaşaýan adamlaryň hemmesine «ömürboýuna» ýetjegi hakynda pikir aýdýanlar hem, bilim sistemasyndaky kemçilikleri belleýänler hem, iş ýerlerini açmagy teklip edýänler hem bar.

Aly Türkmen atly okyjymyz bolsa, «Iň azyndan parahorluk ýok diýmedi, şoňa şükür ediň, ýalan, garyplyk köp bizde-de, her döwletde bolşy ýaly» diýip, Azatlygyň sosial ulgamlarda «garyplyk» düşünjesiniň ýoklugy bilen «Ylalaşýaňyzmy, hawa ýa ýok?» diýen soragyna gysgaça jogap beripdir.

XS
SM
MD
LG