Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Maýyplaryň iş ýeri telekeçilere berildi"


Aşgabatdaky №1 okuw-önümçilik kärhanasy.
Aşgabatdaky №1 okuw-önümçilik kärhanasy.

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň esasy maksatlarynyň görmek, eşitmek we gürlemek mümkinçilikleri çäkli adamlary reabilitasiýa etmek, olary sosial taýdan goramak we öz ukybyna, başarnygyna laýyk iş ýerleri bilen üpjün etmek bolup durýandygy barada, bu jemgyýetiň döredilenine 80 ýyl dolanda, 2012-nji ýylda resmi metbugatda habar berlipdi.

Bu jemgyýetiň düzüminde şu maksada gönükdirilen 10 sany okuw-önümçilik kärhanalarynyň bardygy aýdylýar. Bu hili kärhanalar ýurduň Balkanabat, Türkmenbaşy, Serdar, Türkmenbat, Daşoguz, Atamyrat, Mary, Baýramaly şäherlerinde bar. Paýtagt Aşgabatda bolsa olaryň ikisi bar.

Kärhananyň diwaryndaky bildiriş
Kärhananyň diwaryndaky bildiriş

Emma Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň paýtagtda ýerleşen bu №1 okuw-önümçilik kärhanasynyň häzirki ýagdaýyndan çen tutup aýdylsa, bu kärhana maýyplary doly iş bilen üpjün edip bilmeýär.

Paýtagtyň “Gaža” diýlip atlandyrylýan raýonyndaky Aman Kekilow köçesinde ýerleşýän bu kärhanada işleýän işgärleriň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda, sowet döwründe bu kärhanananyň düzüminde 7 sany seh bolup olaryň ählisinde diýen ýaly maýyplar iş orunlary bilen üpjün edilipdir. Bu sehlerde 300-e golaý maýyp işläpdir. Diňe kartonaž sehinde şol wagtlar 90 adamyň işländigini bu kärhananyň işgäri, birinji derejeli maýyp Ýagmyr aga ýatlaýar.

Onuň aýtmagyna görä, şol wagt bu kärhananyň kartonaž sehi paýtagtdaky konditer fabriginiň süýji-köke karton gaplaryny, “Krasnyý molot” zawodynyň gaz plitalarynyň daşynyň karton gabyny ýasap berýän eken. Kärhananayň elektrik önümlerini öndürýän sehinde elektrik enjamlary öndürilen bolsa, tikinçilik sehinde gullukçylaryň egin-eşikleri tikilýän eken.

Emma Sowet Soýuzy dargansoň bu kärhananyň 7 sehinden 3-si galyp galany ýapylypdyr. Bu kärhananyň ýapylan sehleriniň jaýlary telekeçilere arenda berlipdir. Olarda dükan, wulkanizasiýa we haly ýuwulýan seh açylypdyr.

Kärhana degişli jaýyň bir bölegi dükan hökmünde arenda berlipdir
Kärhana degişli jaýyň bir bölegi dükan hökmünde arenda berlipdir

Sehleriň ýapylmagy sebäpli iş orunlary azalypdyr. Häzir bu kärhanada işleýän adamlaryň umumy sanynyň 100-e golaýdygy aýdylýar. Munuň üstesine-de, kärhananyň şol galan üç sehiniň biri hem telekeçilere arenda berlipdir. Ýagmyr aganyň aýtmagyna görä, öňki demir sehi diýip atlandyrylýan bu seh arenda berlende telekeçiler onda maýyplaryň hem iş bilen üpjün ediljekdigini wada beripdirler.

Emma Ýagmyr aganyň aýtmagyna görä, bu sehde işleýän maýyplara degişli iş orunlarynyň sany çäkli, ýöne hatda köplenç şol çäklije iş orunlary-da hereketsiz durýar. Ol bu sehde işleýän maýyplaryň 2-3 aýlap işsiz oturýan halatlarynyň hem bolýandygyny aýdar.

“Bu sehiň açylanyna üç ýyl boldy. Köplenç halatda maýyplar bu sehde işledilmeýär. Şol sebäpden pulam berlenok. Bu sehde işläp, iň köp aýlygy bir gezek, 200 manat alypdyk” diýip, Ýagmyr aga gürrüň berýär.

Kärhananayň beýleki iki kartonaž we tikinçilik sehlerinde işleýän maýyplaryň-da sany az. Kähalatda bu sehlerde işiň durup galýandygyny aýdýarlar. Munuň sebäbi hem köplenç material ýetmezçiligi ýa-da sargytlaryň bolmazlygy bilen düşündirilýär.

Şol bir wagtda bu sehlerde işleýän maýyplaryň iş şertleriniň hem ýaramazdygyny Ýagmyr aga gürrüň berýär. “Iş günleri “pitaniýe”, ýagny iýmit üçin diýip 1 manat berýärler. Oňa bir somsany alyp bilseň, razy bolaýmaly. Sehlerde ne kondisioner bar, ne-de wentilýatorlar bar”.

Ýagmyr aganyň aýtmagyna görä, maýyplaryň bu hili ýagdaýlary barada Körler we kerler jemgyýetiniň ýolbaşçylaryna edilýän arz-şikaýatlaram diňlenmeýär.

Ýagmyr aga bu hakda gysgajyk şeýle diýýär: “Arz-şikaýat diňlenmeýär. Hatda, beýleki hukuk goraýjy organlara-da arz-şikaýat edildi. Netije bolmady”.

Körler we kerler jemgyýetiniň merkezi edarasynyň jaýy
Körler we kerler jemgyýetiniň merkezi edarasynyň jaýy

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň paýtagtdaky Körler we kerler jemgyýetine jaň edip, ýokarda aýdylan ýagdaýlar dogrusynda soranynda, jemgyýetiň jogapkärlerinden biri “bu jemgyýetiň kärhanasynyň sehleriniň ählisiniň gül ýaly işleýändigni, maýyplaryňam hemmesiniň işe çekilendigini” aýdyp, bir sözlemde jogap berdi. Has anyk we takyk maglumatyň berilmegi haýyş edilende, resmi “onuň ýaly kommentarileri berip bilmejekdigini” aýtdy.

Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti 1932-nji ýylda döredilip, bu jemgyýete Türkmenistanyň 18 ýaşy dolan raýatlary agza bolup bilýärler. Resmi çeşmelere görä, 2012-nji ýylda bu jemgyýetiň 2859 sany agzasy bar eken.

XS
SM
MD
LG