Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkmen görnüşleri - 16-njy hepde

1
Täze dogulan çaga toýuny tutýan maşgalanyň gapysynyň bezegi.

2
Aşgabadyň dürli sebitlerinde ýyllar boýy oturan baglaryň kesilýändigini görse bolýar.

3
Çoganlydaky ýaşaýan okuwçylaryň biri okuwa barýar, beýlekisi hem okuwdan gaýdyp gelýär. Şu okuw ýylyny bu okuwçylar Çoganly daçalaryndaky jaýlarynda tamamlarlar. Bu sebitiň jaýlarynyň ýykylmagy netijesinde, bu regionyň okuwçylary indiki okuw ýylyny başga mekdeplerde geçirmeli bolarlar.

4
Aşgabatda bir ýolagçy zenan ýoldan geçmäge gadagançylyk girizilen ýerden geçmek üçin nobatçylyk çekýän polissiýa işgärinden rugsat soraýar.