Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň we Birleşen Ştatlaryň köp ugurda umumy maksatlary bar we 2016-njy ýylyň noýabrynda Amerika kim prezident saýlansa, Moskwa onuň bilen işleşmäge taýýar diýdi.
Putin döwlet telewideniýesiniň 18-nji aprelde efire beren söhbetdeşliginde ABŞ we Orsýet köpçülikleýin gyrgyn ýaraglarynyň ýaýradylmagyna, terrora, guramaçylykly jenaýata garşy durmakda hyzmatdaşlyk etmeli diýdi.
Şeýle-de ol bu iki ýurt global ykdysadyýetiň has demokratiki, durnukly we deňagramly bolmagy üçin köp iş etmeli diýdi.