Ýemeniň hökümeti Eýranyň BMG-ä Ýemen babatda tabşyran parahatçylyk planyny ret etdi.
Saud Arabystany we sünni arap döwletleriniň koalisiýasy Eýran bilen ýaranlaşan huti pitneçilerini üç hepde bäri bombalap, olaryň Ýemeni doly kontrol astyna geçirmegini togtatmaga çalyşýar.
Eýran planynda atyşygyň we ähli daşary ýurt hüjümleriniň bes edilmegine, ynsanperwerçilik kömegine, ähli taraplary öz içine alýan milli bütewilik hökümetini gurmak üçin has giň milli dialogy dikeltmäge çagyrylýar.
Ýemen hökümetiniň sözçüsi 18-nji aprelde «Roýterse» Eýranyň inisiatiwasy diňe syýasy manýowr diýdi.