Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa oppozision partiýany hasaba almady


Russiýanyň Adalat ministri prezident Wladimir Putiniň tankytçysy Alekseý Nawalnyýnyň liderligindäki syýasy partiýany hasaba almakdan ýüz öwürdi.

Adalat ministrliginiň 28-nji aprelde beren maglumatyna görä, “Progres partiýasy” hasaba alyş üçin zerur bolan talaplary Russiýanyň regionlarynyň azyndan ýarysynda berjaý etmändir.

Nawalnyýnyň partiýasy ýurtda 2016-njy ýylda geçiriljek parlament saýlawlaryna “RPR-Parnas” partiýasy bilen bilelikdäki platformada gatnaşmak dogrusynda ylalaşypdylar. Bu partiýanyň döredijileriniň biri öldürilen syýasatçy Boris Nemtsowdyr.

“Elbetde, bu hereket demokratik koalisiýanyň döredilmegine garşy bildirilýän reaksiýadyr” diýip, Nawalnyý öz websaýtynda çap eden maglumatynda belledi.

Şeýle-de, ol: “Progres partiýasy syýasy gurluş bolup saklanyp galar. Sebäbi... partiýa diňe bir kagyzyň bölegi däl, eýse ol adamlar we ideýalardyr” diýdi.

XS
SM
MD
LG