Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Kabul: Heläkçilikde 52 adam öldi


Demirgazyk-gündogar Owganystanyň resmileri Badahşan welaýatynyň çetki sebitinde bolan güýçli toprak süýşmesinde azyndan 52 adamyň ölendigini habar berýärler.

Bu waka 28-nji aprelde Badahşan welaýatynyň Hwahan etrabynyň Jurm-e Bala obasynda boldy.

Ýerli resmileriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, ýene-de 200-den gowrak ýaşaýjy eräp barýan gar bilen gaply territoriýada ýerleşýän obany terk edipdir. Gürrüňi gidýän bu oba diňe dik uçarlar arkaly baryp bolýandygy habar berilýär.

Bahar paslynda demirgazyk-gündogar Owganystanda siliň gelmegine we toprak süýşmesine ýygy-ýygydan duş gelinýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG